Ilkinji trillioneriň baýlygy ikinji baýdan 1 trillion köp

5

Dünýäniň ilkinji trillioneri bolan Ilon Maskyň baýlygy bir günde 165 milliard dollar artyp, 1,3 trillion dollara ýetdi. Şeýlelikde onuň baýlygy dünýäniň ikinji gurply adamy hasaplanýan Lerri Peýjden tas 1 trillion dollar tapawut etdi. “Google”-y esaslandyryjylaryň biri bolan Peýjiň baýlygy 314 milliard dollara ýetdi.
“SpaceX” kompaniýasynyň paýnamalarynyň satuwa çykarylmagy bilen kompaniýanyň gymmaty günsaýyn diýen ýaly artyp, bazar bahasy 2,5 trillion dollardan geçdi. Netijede Mask uly tapawut bilen dünýäniň iň gurply adamy boldy. Hepdäniň birinji güni “SpaceX”-iň paýnamalary 20% ýokarlanyp, 192 dollara çykdy. “Forbes” neşiriniň maglumatyna görä, Maskyň baýlygy diňe bir günde 165 milliard dollar köpeldi.
Soky ýagdaýa görä, Peýjiň egindeşi Sergeý Briniň 277,9 milliard, birnäçe ýyl dünýäniň iň gurply adamy bolan Jef Bezosyň 255,5 milliard we Lerri Ellisonyň 241,4 milliard baýlygy bar.
“SpaceX” geçen hepde paýnamalaryny 135 dollardan satuwa hödürläpdi. Bu bolsa, kompaniýanyň gymmatyny görnetin artdyrypdy. Maýadarlaryň uly gyzyklanmasy netijesinde paýnamalaryň bahasy bir günde 19% ýokarlanan bolsa, soňky günlerde hem artyşyny dowam etdirdi. Bu bolsa, kompaniýanyň paýnamalarynyň belli bir bölegine eýeçilik edýän Maskyň taryhdaky ilkinji trillioner bolmagyna getiripdi.