15-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen BAE-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmak maksady bilen taraplar geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri bilelikde guramak we iki ýurduň wekiliýetleriniň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine garadylar.