11-nji sent­ýabr­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­ri­niň gu­ber­na­to­ry Alek­sandr Beg­low bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da gu­ber­na­tor Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy­nyň sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di hem-de döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň goş­ýan uly şah­sy go­şan­dy­ny bel­le­di.
Öz ge­ze­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne we Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy­na mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aý­dyp, Sankt-Pe­ter­bur­gyň gu­ber­na­to­ry­nyň Aş­ga­ba­da şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň stra­te­gik we köp­ta­rap­ly hä­si­ýet­li dä­be öw­rü­len türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ös­dür­mä­ge hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Pi­kir alyş­ma­la­ryň bar­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hem-de gu­ber­na­tor öza­ra yna­nyş­ma­gyň we dü­şü­niş­me­giň ýo­ka­ry de­re­je­si­niň, şeý­le hem oňyn sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gep­le­şik­le­riň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gin­de esa­sy gör­ke­zi­ji bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.
Mun­dan baş­ga-da, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar we par­la­men­ta­ra iş­jeň gat­na­şyk­lar hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn dep­gi­ni­ni gör­kez­ýär. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Sankt-Pe­ter­bur­gyň ara­syn­da ýa­kyn gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Sankt-Pe­ter­burg kom­pa­ni­ýa­la­ry Aş­ga­bat­da bir­nä­çe se­na­gat tas­la­ma­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­di. Türk­me­nis­tan Sankt-Pe­ter­bur­gyň se­na­gat, gur­lu­şyk ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­mek we şä­her gur­lu­şy­gy pu­da­gyn­da top­lan berk tej­ri­be­si­ni öw­ren­mä­ge we ulan­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär.
Türk­me­nis­tan­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän jem­gy­ýet­çi­lik mak­sat­ly döw­let mak­sat­na­ma­la­ry, şol san­da IT-teh­no­lo­gi­ýa pu­da­gy we “akyl­ly” şä­her­le­riň gur­lu­şy­gy hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­di.
Mu­nuň bi­len bir­lik­de, me­de­ni we yn­san­per­wer ugur iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm bö­le­gi hök­mün­de gör­ke­zil­ýär.