25-nji awgustda Türkmenistanyň Irlandiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ý.Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) Dubline iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň dowamynda Ilçi Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygynyň orunbasary Ralf Wiktor bilen duşuşdy we ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda Irlandiýanyň daşary syýasat edarasynyň wekili Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we üstünlik arzuw etdi, şeýle hem irlandiýa tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Irlandiýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanmalaryny bellediler.
Mundan başga-da, 26-njy awgustda Ilçi Ý.Serýaýew Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça direktorynyň orunbasary Fiona Nik Dhonnaça, «Global Ireland» baş direktory we ministrligiň ykdysady bölüminiň wekili Kolm Heýes bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy we söwda-ykdysady ugurlarda, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energetika we bilim pudagynda Türkmenistan bilen Irlandiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Ilçi irlandiýa tarapyna Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we oňyn daşary syýasaty, daşary ýurtlar bilen dostlukly we deňhukukly gatnaşyklar, şeýle hem ýurduň ykdysady ösüşi barada maglumat berdi.