26-njy aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si A.B. Goç­my­ra­do­wyň Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Stra­te­gi­ki bar­lag­lar mer­ke­zi­niň di­rek­to­ry H.Us­mon­zo­da bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar yl­my-bar­lag ul­ga­myn­da türk­men-tä­jik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny we ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, şeý­le hem bi­ler­men­ler de­re­je­sin­dä­ki öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şeý­le hem, du­şu­şyk­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy­na we türk­men-tä­jik stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ba­gyş­la­nan bi­le­lik­dä­ki yl­my-ama­ly mas­la­ha­ta taý­ýar­lyk gör­mek me­se­le­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ýy­lyň do­wa­myn­da Stra­te­gi­ki bar­lag­lar mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan «Mer­ke­zi Azi­ýa+» for­ma­tyn­da iki sa­ny bi­ler­men­ler du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Ola­ra Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýet­le­ri gat­naş­dy­lar.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da ta­rap­lar bi­ler­men­ler de­re­je­sin­dä­ki gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, yl­my-bar­lag hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mä­ge hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­di­ler.