21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, şeýle hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” başlanmagyna we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Çärelere Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň işgärleri, Kiýew kitaphanalarynyň müdirleri we işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, kitap neşir edýänler, KHBS-iň wekilleri, talyplar we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” başlanmagyna we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärede çykyş edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite karary esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilendigi we şu ýylyň ýurtda adybir şygar bilen geçirilýändigi barada aýtdy.
Türkmenistanyň Ilçisi oňyn bitaraplygyň nusgasy we onuň esasy düzgünleri, häzirki zaman global gün tertibiniň esasy meselelerinde ýurdumyzyň garaýyşlary, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada gürrüň berdi.
Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji tagallalarynyň we Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” yglan edilmeginiň ähmiýetini bellediler.
Dabaraly çäräniň dowamynda türkmen diasporasynyň wekili tarapyndan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” goşgusyny ene dilinde labyzly okaldy.

***

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew, Ukrainanyň Milli çagalar kitaphanasynyň müdiri Alla Gordiýenko, Kiýew şäherinde ýerleşýän Magtymguly adyndaky kitaphananyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ýuliýa Lopata we “AVIAZ” ukrain neşirýatynyň müdiri Wiktor Zelenskiý çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Ilçisi öz çykyşynda gatnaşyjylary täze kitap bilen tanyşdyrmak bilen, geçen ýylda Gündogaryň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleriň köpsanlysynyň gurnalandygyny belläp geçdi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi bilen baglylykda şeýle çäreleriň bu ýyl hem dowam etdirilýändigini habar berdi.
T.Ataýew täze neşir barada aýdyp berip, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny öňünden kesgitländigini we şahyryň ynsanperwer pikirleriniň BMG-niň tutuş dünýäde parahatçylyga esaslanýan maksatlaryna laýyk gelýändigini nygtady.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek işinde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şahyryň ynsanperwer pikirlerini açyp görkezýän babatyndaky bu kitabyň ukrain diline terjime edilip, hödürlenjekdigine umyt bildirdiler.
Dabaraly çäreleriň çäklerinde türkmen halkynyň şekillendiriş, bezeg we amaly-haşam sungatynyň eserleri, el halylary, aýal-gyzlaryň şaý-sepleri, milli türkmen saz gurallary, şeýle-de surat eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary, görnükli şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň dünýäniň dürli dillerindäki goşgular ýygyndylary hem sergä çykaryldy.
Däp bolşy ýaly, Ilçihananyň çäreleriniň çäginde dutarda milli sazlar ýaňlandy we gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödürlendi.