12-nji martda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürülýän, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialog hem-de bitaraplyk ýörelgeleri bilen bagly kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti nygtaldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyz BMG-niň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna şeýle hem, 2024-2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy.
Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekilmegi hem ähmiýetli bolup durýar.
Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň sagdyn, bagtly eneligi we çagalygy, maşgalanyň durmuş goraglylygy baradaky alyp barýan döwlet syýasatynyň ýurdumyzda her maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, olary hemmetaraplaýyn alada bilen gurşap almaga gönükdirilýändigini, şunda Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasyndaky maksatlaryň çäginde çaganyň we enäniň saglygyny goramak, her bir çaganyň ösüşi üçin mümkinçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işlerde ÝUNISEF-iň aýratyn goşandynyň bardygyny belledi.
Taraplar çagalaryň irki ösüşini üpjün etmek, olaryň käbir kesellere garşy immunitetini ýokarlandyrmak üçin waksinasiýa geçirmek, şol sanda unuň we duzuň minerallar bilen baýlaşdyrylmagynyň netijesinde birnäçe keselleriň öňüni almak işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny beýan etdi.
Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) arasynda özara tejribe alyşmakda, gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, olaryň şertnamalaýyn hukuk binýadyny pugtalandyrmakda, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we hil taýdan täze derejä çykarmakda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny nygtadylar.