20-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Parlamentara Bileleşigiň agza ýurtlarynyň parlamentleriniň arasynda guralan saglygy goraýyş meseleleri boýunça Parlamentara foruma gatnaşdy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Parlamentara Bileleşik tarapyndan bilelikde guralan her ýylky forum «Borçnamalary iş ýüzüne geçirmek: Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň pandemiýa boýunça Ylalaşygyny durmuşa geçirmekde we saglygy goraýşy maliýeleşdirmekde parlament ýolbaşçylygyny ösdürmek» atly temada geçirilip, parlament wekilleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň işine gatnaşmagy üçin ýöriteleşdirilen platforma boldy.
Forumyň esasy maksady durnukly dialogy ýola goýmakdan, tejribe alyşmakdan we ählumumy saglygy goraýyş borçnamalaryny milli derejede anyk çäreler bilen utgaşdyrmakdan ybarat.
Maslahatyň dowamynda halkara saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze şertlerde ösdürmek we tejribe alyşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem parlamentler derejesinde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde döwlet goldawynyň hem-de bu ugurda kanunçylyk binýadynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunda dünýä derejesinde sagdyn durmuş ýörelgesini durnukly ösdürmek, ilatyň saglygyny goramak we oňa howp salýan ýagdaýlary aradan aýyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejede ösdürmek bilen, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar saglygy goraýyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde we lukmançylyk ulgamynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda kanunçykaryjy edaralaryň ornuny has-da pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.
Çeşme: mejlis.gov.tm
PDF









