30-njy iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 32-nji ýyllyk mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäheriniň «Alfandego» kongresler merkeziniň binasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň we bitaraplygyň ýörelgeleri» atly utgaşykly çäre geçirdi.

Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ÝHHG PA-nyň Prezidenti Pia Kauma, baş sekretary Roberta Montella we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Karimi, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy, Ilçi Jon Makgregor, şeýle hem Finlýandiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň, Ispaniýanyň, Gollandiýanyň parlamentleriniň we halkara guramanyň wekilleri gatnaşdylar hem-de çykyş etdiler.
Türkmen tarapy çärä gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan başlangyçlary we bitaraplyk ýörelgeleri parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçelgelerini döretmekde, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, daşky gurşawyň goragyny we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, halklaryň we döwletleriň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýmakda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde we bu işde halk diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistanyň «Dialog parahatçylygyň kepili!» diýen ýörelgä eýermek bilen, daşary syýasat işini beýleki döwletleriň çäk bütewüligine, kanunçylygyna hormat goýmak hem-de deňhukuklylyk, özara peýdalylyk, bähbitleriň sazlaşygyny gazanmak esasynda guraýandygyny nygtady.
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Pia Kauma öz çykyşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde Aşgabat şäherinde birnäçe çäreleri, ýagny 2023-nji ýylda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly Merkezi Aziýa sebitleýin maslahatyny, 2024-nji ýylda «ÝHHG-niň çäginde Parlament diplomatiýasy: Dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly bilelikdäki ýokary derejeli maslahaty geçirendigini belledi. ÝHHG PA-nyň ýyllyk mejlisiniň çäginde geçirilýän şu çäräniň hem ÝHHG PA agza döwletleriň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine oňyn täsiriniň boljakdygyna ynam bildirdi.
Giň wekilçilikde geçen bu çärede çykyş edenler Türkmenistanyň halkara giňişlikde alyp barýan parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen sebit we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny bellediler.