2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek 19-njy Aziýa Kubogy ýaryşynyň 3-nji saýlama tapgyrynda “D” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysy Şri Lankanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Arkadag şäherindäki “Arkadag” stadionynda oýnalan duşuşykda ildeşlerimiz 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşygyň 1-nji ýarymy golsuz tamamlanyp, gollaryň 3-si hem 2-nji ýarymda derwezä girizildi. Oýnuň 52-nji minutynda milli toparymyzyň kapitany Elman Tagaýew hasaby açdy. Bu goldan 5 minut soň, has takygy, 57-nji minutda Mekan Saparow tapawutlanyp, hasaby 2-0-a çykardy. Şri Lankanyň ýygyndysy oýnuň 65-nji minutynda geçirden gollarynyň biriniň öwezini doldy. Güýçmyrat Annagulyýewiň awtogoly bilen hasap 2-1 boldy. Duşuşyk 2-1 hasabynda ildeşlerimiziň peýdasyna tamamlandy. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Şri Lankanyň milli toparyny 8-nji oýunda 6-njy gezek ýeňlişe sezewar etdi (1 deňlik, 1 ýeňliş). Şri Lankanyň ýygyndysyny milli toparymyzyň iň köp ýeňen 2 toparyň bolup, ildeşlerimiz Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny hem 6 gezek ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Tailandyň milli ýygyndysy myhmançylykda Hytaý Taýpeýiniň toparyny 6-1 hasabynda ýeňdi. Toparçada 4-nji duşuşyklardan soň Türkmenistanyň ýygyndysy 9 utuk bilen 1-nji orny eýeleýär. 9 utukly Tailandyň ýygyndysy ikiçäk oýunda utulany üçin 2-nji ýerde barýar. 3-nji basgançakdaky Şri Lankanyň 6 utugy bar. Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyna entek utuk gazanmak başartmady.

Siriýanyň ýygyndysy gatnaşmaga hukuk gazandy

Ýeri gelende bellesek, 3-nji saýlama tapgyrynda 6 toparça bolup, diňe ýeňijiler final tapgyryna gatnaşarlar. “A” toparçada Filippinler bilen Täjigistanyň ýygyndylarynyň arasynda ýiti göreş bolup, iki toparyň hem 10 utugy bar. “B” toparçada Liwanyň ýygyndysy 10 utuk, Ýemeniň milli topary 8 utuk toplamagy başardy. “C” toparçada Gonkong bilen Singapuryň ýygyndylary 8 utuk toplap, 1-2-nji orunlary paýlaşýarlar. “E” toparçada 4 oýnuň ählisinde-de ýeňiş gazanan Siriýanyň ýygyndysy Saud Arabystanynda geçiriljek çempionatda çykyş etmäge ygtyýar aldy. “F” toparçada Malaýziýanyň 12, Wýetnamyň 9 utugy bar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy nobatdaky duşuşygy 18-nji noýabrda geçirer. Şonda ildeşlerimiz “Arkadag” stadionynda Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysy bilen duşuşar.