Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Gu­rul­taý saý­law­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi my­na­sy­bet­li ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny iber­di.
“Si­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­ňy­zyň ne­ti­je­sin­de hä­zir­ki wagt­da Ga­za­gys­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­nyň uzak möh­let­le­ýin aba­dan­çy­ly­gy üçin berk esas bol­jak düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ba­bat­da giň halk gol­da­wy­na eýe bo­lan il­kin­ji Gu­rul­taý saý­law­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi, döw­let hä­ki­mi­ýe­ti we do­lan­dy­ry­şy ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len üýt­get­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de mö­hüm ädim­dir” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­tyn­da bel­le­di hem-de Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de dür­li ugur­lar­da dep­gin­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk, jo­gap­kär­li döw­let işin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri, Ga­za­gys­ta­nyň hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, ösüş we ro­waç­lyk ar­zuw et­di.