27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlere we ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak babatda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýär. Şeýle hem myhman Arkadag şäheriniň uly ösüşlere eýe bolýandygyny belläp, hormatly Prezidentimizi şäheriň iki ýyllygy mynasybetli gutlady.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlygyny bildirip, Kendzi Sanadanyň şu gezekki saparynyň üstünliklere beslenmegini we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerinde täze rowaçlyklary arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Işewürlik düzümleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar hem hil taýdan täze derejä çykarylyp, üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy nygtaldy. Türkmenistan «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu kompaniýanyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmek we ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geljekde-de bu iri ýapon kompaniýasy bilen bilelikde özara bähbitli täze taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirip, Kendzi Sanada alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.