13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünlikleriniň, türkmen halkynyň baý taryhynyň, medeniýetiniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Russiýanyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy dowam etdirmekde möhüm ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmana türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmegi arzuw edip, duşuşyklaryň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn formatda hem netijeli ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyzyň BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Şunda “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary aýratyn orun eýeleýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
***
Şol gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen we rus tarapynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary M.Husnulliniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalarynyň türkmen tarapynyň wekilleri bilen duşuşygy iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksat edinilýändigini görkezýär.
Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak we bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden doly derejeli peýdalanmak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Mejlisiň dowamynda türkmen we rus tarapynyň wekilleri şu gezekki duşuşygyň tagallalary birleşdirmek, bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak babatda möhüm meýdança bolup durýandygyny bellediler.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ikitaraplaýyn döwletara dialog hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribesine, berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Syýasy dialog, şol sanda ýokary derejedäki köpugurly hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Russiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn formatlarda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly ählumumy we sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň hem-de teklipleriň, şol sanda Hazarýaka hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýakynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ünsi çekdiler.
Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalary kesgitlenildi. Iki dostlukly ýurduň wekilleri giň gerimli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda anyk tekliplerini beýan etdiler. Netijeli ýagdaýda geçen mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara — Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisiniň Teswirnamasyna, şeýle hem bilim ulgamynda, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda, oba hojalyk we atçylyk pudagynda, gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi.
Şeýlelikde, nobatdaky türkmen-rus gepleşikleri taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Gazanylan ylalaşyklar boýunça gol çekilen resminamalar anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdiriler. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli ugurlar boýunça bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegine ýardam berer.