26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Arkadag şäheriniň häkimi garşylaýarlar. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli atşynaslar, atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler bar.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda ýelden ýüwrük behişdi bedewleriň waspy ýetirildi. Milli baýram mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirip, Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine bardy. Bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy. Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Altyn baýragyna, şeýle hem ençeme beýleki halkara ýaryşlaryň baýraklaryna mynasyp bolan bu topar milli sirk sungatymyzy dünýäde giňden tanatmaga uly goşant goşmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň derejesini has-da belende göterýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, toparyň çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän artistleriniň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çykyşlar tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow açyk maneže barýar hem-de özi üçin bellenen ýere geçýär.
Ähli türkmen halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri we ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermäge berýän aýratyn ünsi üçin hoşallyk sözleri beýan edildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlaglar, il bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli durmuşa geçirilýän işlerde uly üstünlikler baradaky arzuwlar ýaňlandy.
Atçylyk pudagyny ösdürmek baradaky tagallalaryna çäksiz hoşallygy alamatlandyrýan ahalteke bedewlerini sowgat hökmünde kabul etmek üçin hormatly Prezidentimiz uly hormat bilen dabaralar meýdançasyna çagyrylýar.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Arkaç, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gazal, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Diýar, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Güneş, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Pälwan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ynamly, Arkadag şäheriniň atşynaslarynyň adyndan Parahat atly ajaýyp bedewler sowgat berildi. Şol pursatlarda welaýatlara hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýaş nesiller ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny joşgunly goşgy setirleri arkaly beýan etdiler.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Watançy atly bedew sowgat berildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşýan welaýatlaryň hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Parahat atly bedewiň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda aýratyn many-mazmuna eýedir.
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi ussat hünärmenleriň, bedew muşdaklarynyň ünsüni özüne çekýän ýatdan çykmajak wakadyr. Gözelligi, ýyndamlygy, eýesine çäksiz wepadarlygy bilen tapawutlanýan bu ajaýyp atlar tomaşaçylaryň belent hormatyna mynasyp bolýar. Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-sy çykaryldy. Bu atlar eminler topary tarapyndan “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ada eýe bolmaga has mynasyplar hökmünde ykrar edildi.
Syn ediş meýdançasyna ahalteke atlarynyň iň naýbaşy nesil ugruny esaslandyran meşhur bedewleriň neslinden bolan, biri-birinden owadan bedewler çykarylýar. Alypbaryjy bedewleriň her biriniň ady hem-de gelip çykyşy bilen tanyşdyrýar. Olar Garaduman diýen gara, Jaňlygara, Pereňdagly atly gurt mele, Meleguş, Patrak, Meýdanly, Gözbaş, Watançy atly mele, Pähimli, Kerwen atly dor atlardyr. Bu bedewleriň ählisi şöhratly nesil ugurlaryna degişli bolup, ol ýa-da beýleki tohum ugruny dowam etdirijilerdir. Şunda behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy esasy nesil ugurlarynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldy.
Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde geçirildi. Alypbaryjy gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlar baradaky maglumatlary aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly milli däpler, olaryň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdi. Bedewlere bagyşlanan şahyrana setirler belentden ýaňlandy.
Soňra atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Onda haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat we teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk, arhitektura we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bölüminiň birinji derejeli hünärmeni Ý.Gulowa “Bedew batly Watanym” atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Ş.Orazberdiýewe “Altyn bezeg” atly at şaý-sep toplumy; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby J.Gurbanowa “Behişdi bedewler” atly nakgaşlyk eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby G.Hanowa “Şan-şöhrata beslenen türkmen bedewi” atly heýkel eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby A.Gutlyýewe “Şa serpaýly bedewli halylar” atly senenama neşir işi; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkeziniň operatorlar bölüminiň bölüm müdiri B.Garlyýewe “Owazasy dünýä dolan “Galkynyş” atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy.
“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi”
«2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada 2020-nji ýylda doglan, Gerden we Tugly diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gyrsakaryň ugruna degişli Meleguş diýen mele at mynasyp boldy. Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan atyň eýesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.
Ýeňiji bolan bedewiň seýsi gymmat bahaly baýrak hem-de atçylyk pudagyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol türkmen atşynaslarynyň geljekde-de bu ugurdaky işleri mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyryp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň ajaýyp jemlenmesi boldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.