11-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa iş saparyna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen döwrüň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Şeýle hem yzygiderli parlamentara we hökümetara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistan bilen Ýaponiýa halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy bellenildi.
Soňky 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Gazhimiýany, elektroenergetikany, ulag ulgamyny, suw hojalygyny türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär. Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmak maksady bilen, iki ýurduň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleri işjeň hereket edýär. Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlary ýapon dilini öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görmegiň barşynda onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini, ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine ýakyn wagtda bu dostlukly ýurda boljak iş saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.