6-njy fewralda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.
Çärä döredijilik we ylmy intelligensiýanyň, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Kitap tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde çykyş edenler kitapda, halkymyzyň şöhratly taryhynyň, baý medeni mirasynyň, nusgalyk döredijilik ýörelgeleriniň çuňňur manyly beýan edilendigini, olary täze many mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserleriň ýaşlary watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny we ähli türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolandygyny aýratyn bellediler.
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, agzalanlaryň Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup durýandygy nygtaldy.
Çäräniň dowamynda Ilçi A.Goçmyradow Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler barada gürrüň berdi.