Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri Bilelikdäki Jarnamany kabul etdiler hem-de iki döwletiň dostlukly halklarynyň umumylygy esasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryndan ugur alyp, şu aşakdakylary beýan etdiler:

1. Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň çagyrmagy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine sapary boldy. Saparyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklar geçirildi.

2. Ynanyşmak we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikler wagtynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň tutuş toplumy, şeýle-de energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşmalar boldy.

3. Taraplar Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşmaklary barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar saparyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini goldadylar.

Taraplar Türkmenistanda geljegi uly energetika taslamalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmekde, uglewodorod serişdelerini bilelikde işläp geçmekde, soňra önümleriň marketing bilen, şeýle hem gaz-ulag düzümlerini ösdürmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Ähtnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

4. Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Şu maksatlar bilen, taraplar nebitgaz ulgamynda, şol sanda maýa goýum işinde bilelikdäki işleri hem-de taslamalary goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, bu ugurda dürli başlangyçlary we taslamalary goldamagy ylalaşdylar.

5. Taraplar energetika ulgamynda, hususan-da, energetika serişdelerini özara bähbitlilik esasynda dünýä bazarlaryna ibermek babatda ylmy, tehniki hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

6. Taraplar Türkmenistanyň energetika kuwwatyny ösdürmek, energiýa serişdelerini ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak üçin özara bähbitli ykdysady, hukuk we tehniki şertleriň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Merkezi we Günorta Aziýa, şeýle-de Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin energetika serişdelerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar.

7. Iki döwletiň ulag-logistika babatdaky uly mümkinçiliklerini nazara alyp, taraplar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn ähmiýetini bellediler.

8. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de iki döwletiň üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, taraplar Hazar we Ýakyn Gündogar sebitleriniň arasyndaky ugur boýunça amala aşyrylýan multimodal ýük daşamalarynyň möhümdigini bellediler.

9. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we ony Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Abu-Dabi şäheri, 2023-nji ýylyň 12-nji fewraly.