9–10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen «Global Gateway 2025» atly ikinji foruma gatnaşdy.
Forumyň maksady özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de dünýä derejesinde durnukly infrastruktura baglanyşygyny ösdürmek boldy. Resmi maksatnama ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny, şeýle hem energetika, ulag, sanly gün tertibi we senagat bäsdeşligi boýunça tematik sessiýalary öz içine aldy.
Forumy Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti Ursula fon der Lýaýen açdy. Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallas giriş sözi bilen çykyş etdi.
Forumyň çäklerinde birnäçe panel pikir alyşmalaryň we iş duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Şolaryň arasynda «Global Gateway» maksatnamasynyň möhüm taslamalaryny ösdürmek boýunça sessiýa hem boldy. Taslamalaryň hatarynda Merkezi Aziýada gidroenergetika kuwwatyny giňeltmek, ulag gatnaşyklaryny ösdürmek we “ýaşyl deňiz geçelgelerini” döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maliýe gurallaryny giňeltmegiň çygrynda halkara ösüş banklary, şol sanda Ýewropa maýa goýum banky (ÝMB) we Ýewropa täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly infrastruktura maýa goýumlaryny we iş orunlaryny döretmek mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Merkezi Aziýadaky energetika taslamalaryna maýa goýumlaryny artdyrmaga taýýarlyk aýratyn bellenildi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri ÝMB-niň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň amaly meseleleri, ýurt boýunça ylalaşyk taslamasy hem-de ÝMB-niň wekilleriniň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatyna(LLDC3) Awazada gatnaşmagy boýunça pikir alşyldy. ÝMB bilen hyzmatdaşlyk Forumyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda «Ýewropa topary» we halkara maliýe guramalary arkaly energetika we infrastruktura ugurlarynda maýa goýumlaryny başlamaga we giňeltmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Global Gateway 2025» forumyna gatnaşmagy durnukly infrastruktura maliýeleşdirilmegi boýunça işjeň pikir alyşmaga we Ýewropa Bileleşiginiň hem-de halkara maliýe guramalarynyň wekilleri bilen göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etdi.
Forumyň netijeleri boýunça jemleýji çykyş Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Jozef Sikela tarapyndan edildi.