Dünýä Kubogy 2026-da toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, köpler üçin esasy çempionat mundan soň bolar. Gatnaşan 48 klubuň 32-si ýaryşy dowam edip, 16-sy üçin çempionat tamamlandy.
32 topar 1/8 finala çykmak üçin göreşer we 6 günläp dowam etjek bu tapgyryň ilkinji duşuşygy şu gije oýnalar. 1/16 finalyň ilkinji oýny Günorta Afrika bilen ýer eýelerinden Kanadanyň arasynda geçiriler we duşuşyga portugaliýaly Žoao Pineiro eminlik eder.
Tapgyryň iň ünsi çekýän duşuşyklary hökmünde Niderlandlar – Marokko, Braziliýa – Ýaponiýa, Portugaliýa – Horwatiýa, Fransiýa – Şwesiýa oýunlary hasaplanýar.
29-njy iýun (duşenbe) Günorta Afrika – Kanada (şu gije 00:00) – SoFi Stadium Braziliýa – Ýaponiýa (22:00) – NRG Stadium 30-njy iýun (sişenbe) Germaniýa – Paragwaý (01:30) – Gillette Stadium Niderlandlar – Marokko (06:00) – Estadio BBVA Kot-d’Iwuar – Norwegiýa (22:00) – AT&T Stadium 1-nji iýul (çarşenbe) Fransiýa – Şwesiýa (02:00) – MetLife Stadium Meksika – Ekwador (06:00) – Estadio Azteca Angliýa – Kongo DR (21:00) – Mercedes-Benz Stadium 2-nji iýul (penşenbe) Belgiýa – Senegal (01:00) – Lumen Field ABŞ – Bosniýa we Gersegowina (05:00) – Levi’s Stadium 3-nji iýul (anna) Ispaniýa – Awstriýa (00:00) – SoFi Stadium Portugaliýa – Horwatiýa (04:00) – BMO Field Şweýsariýa – Alžir (08:00) – BC Place Awstraliýa – Müsür (23:00) – AT&T Stadium 4-nji iýul (şenbe) Argentina – Kabo Werde (03:00) – Hard Rock Stadium Kolumbiýa – Gana (06:30) – Arrowhead Stadium
PDF









