we mümkinçilikleri artdyrmak boýunça başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar
Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Saryýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýd bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň çägindäki PS44 Ilkinji seýsmiki stansiýasynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň Halkara monitoring ulgamynyň çäklerinde netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler.
Şeýle hem, 2026-njy ýylda Milli maglumat merkezleriniň (NDCs) hünärmenleri üçin Türkmenistanda sebitleýin okuw sapaklaryny gurnamak boýunça meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu okuw taslamasynyň maksady tehniki mümkinçilikleri güýçlendirmekden we CTBTO-nyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Mundan başga-da, duşuşykda CTBTO-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Bu bolsa, dünýäde ýadro synaglaryny doly gadagan etmek boýunça ählumumy düzgüniň ilerledilmegine Türkmenistanyň ygrarlylygyny tassyklaýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara maglumat merkeziniň (IDC) Mümkinçilikleri artdyrmak we okatmak bölüminiň, şeýle hem Amallar bölüminiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, tehniki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdy.
PDF









