Şu gün, 12-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurduň iki möhüm ugruny birleşdirýän üç günlük halkara çäre başlady. «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahatynyň, «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahatyň we sergisiniň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şeýle-de halkara guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag haty okaldy.
Bu çäre halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alýar.


“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş -2025” atly halkara maslahat we sergi halkara ulag pudagynda netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, demir ýol menzilleri, halkara deňiz portlary we howa menzilleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup, ara alnyp maslahatlaşyljak esasy mowzuklaryň ulag-logistika pudagynyň pandemiýadan soňky dikelişi, ulag-aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak, durnukly ulagyň daşky gurşaw bilen bagly taraplary, ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylmyň we bilimiň ähmiýeti bilen baglydyr. Halkara çärä ýerli kompaniýalar bilen bilelikde daşary ýurtly kompaniýalaryň wekiliýetleri gatnaşýar.


Forumyň 14-nji noýabra çenli dowam etjek meýilnamasy Türkmenistanyň sanly özgertmeleri çaltlandyrmak we üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatyny aýdyň görkezýär.


Bu möhüm forumlar türkmen döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň duşuşyklary maýa goýum we hyzmatdaşlyk taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma döreder.

Ikinji günüň esasy wakasy Britaniýanyň “Dialogue Events Ltd” kompaniýasy bilen bilelikde guralan Finteh-forum bolar. Onuň maksady maliýe tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň sanly ösüşindäki ornuny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.
Mundan başga-da, BMG-niň ösüş maksatnamasy (BMGÖM) “Türkmenistanyň halkara startap-forumy – 2025”-i geçirer. Bu sessiýa ýaş telekeçiligi we innowasiýalary milli ykdysadyýete çekmek babatda möhümdir.
14-nji noýabrdaky çäreler strategik ösüşe bagyşlanar. Şol gün Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi (HEB) “Döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmesi: sanly sanawdan emeli aň ornaşdyrmaga çenli” atly seminar geçirer. Bu mowzuk Türkmenistanyň döwlet dolandyryş ulgamyny emeli aň we sanly çözgütler arkaly döwrebaplaşdyrmak boýunça uzak möhletli maksadyna ünsi çekýär.

Forum “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bilen tamamlanar. Bu çäre ýurduň IT-bazaryndaky ösüşine itergi berer.


Forum Türkmenistanyň dünýäniň sanly ykdysadyýetine çaltlaşdyrylan integrasiýa taýýarlygynyň hem-de Merkezi Aziýanyň esasy ulag-logistika merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagynyň möhüm görkezijisidir.