«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiñ «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Aşgabat şäherindäki köpçülikleýin ýerlerde hem-de paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde TELECOMWIFI simsiz internete amatly elýeterliligi hödürleýär.
Şeýle hem TELECOMWIFI hyzmaty «Arçman», «Baýramaly», «Mollagara», «Farap», «Daşoguz» we «Bagabat» ýaly sagaldyş şypahanalarynyñ çäginde hem elýeterlidir.
TELECOMWIFI nyrhnamalary bilen «Türkmentelekom» kärhanasynyň şu sahypasynda tanşyp bilersiňiz: https://telecom.tm/ru/wifi/.
«Türkmentelekom» tarapyndan hödürlenýän ýokary tizlikli simsiz internet garaşylýan, dynç alynýan we sagaldyş zolaklarynda durnukly aragatnaşygy hem-de amatly birikmäni üpjün edýär.
Giňişleýin maglumat üçin 071 belgisine jaň edip, ýüz tutup bilersiňiz.