Tebigatyň jana ýakymly howasynda kitap okamak ýa-da bolmasa dil öwrenmek üçin dürli gyzykly gezelençleri guramak hem-de dynç almak ösen döwürde giň häsiýete eýe boldy. Dünýäniň köp ýurdunda kitapsöýerler üçin hem göwnüňi açýan arassa tebigatda gurlan kitaphanalar we dynç alyş merkezleri az däl. Bu binalaryň özboluşly, üýtgeşik taslamasy özüne çekijidir. Şeýle geň desgalar ýa bolmasa özboluşly biçüwdäki islendik binalar ynsan akylynyň näderejede beýikligini subut edýär. Muny dünýäniň täsin kitaphanalarynyň mysalynda hem aýdyň görýäris. Dünýäniň täsin kitaphana merkezleri haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Şolaryň bir-de Ýaponiýanyň Tiba şäherindäki ýapon arhitektory Hiroşi Nakamura we “NAP Architects” tarapyndan döredilen kitaphanadyr. Bu bina “Kurkku Fields Farm” atly fermada açyk meýdanyň ortasynda ýerleşýär. Kitaphana gowak ýaly ajaýyp çemenlik landşaftynyň aşagynda bölekleýin edilip gurlupdyr. Adaty bolmadyk ýerleşişine garamazdan, üçegindäki ak öýüň tüýnügine meňzeş penjirelerden tebigy yşyk binanyň içine girýär. Binagärler kitapsöýerlere kitap okamagy höweslendirýän asuda we rahat gurşawy döretmek üçin agaç elementlerinden peýdalanypdyr. Kitaphanada ýer, diwarlar we üçek toprak bilen örtülipdir. Häzirki wagtda bu täsin ýerasty kitaphanada tebigata we oba hojalygyna bagyşlanan 3000 kitapdan ybarat ýygyndy bar. Şeýle-de kitaphanada dil bilimlerine, dil öwrenmek we taryh ylymlaryna degişli kitaplar hem bar. Çünki bu ýere kitap okamaga gelýänleriň köpüsiniň ýaşlardygy nazarda tutulyp, kitaphana dünýäde ýörgünli bolan iňlis dili we edebiýaty hakdaky kitaplar, gyzykly eserler ýerleşdirilipdir. Garaz, bu kitaphanany tebigatyň gözelligini synlap, arassa howada kitap okamaga, özara pikir alşyp, bilimlerini baýlaşdyrmaga gelýän ýaşlaryň bilim merkezi diýip atlandyrsa-da bolar. Şeýle göwün açyjy mekanda kitap okamak bilim goruňy baýlaşdyrmaga we akyl öýjükleriniň işjeňleşmegine oňyn täsir edýär.
Jemile Tekäýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
PDF









