Umumy baýrak gaznasy 11,8 million amerikan dollaryna deň bolan garyşyk milli ýygyndylaryň arasynda Awstraliýada geçirilýän “United Cup” tennis ýaryşynda Polşanyň ýygyndy çempionlyk gazandy. 4-nji gezek geçirilen ýaryşyň finalynda polýaklar Şweýsariýanyň ýygyndysyny 3 duşuşygyň netijesinde 2:1 hasabynda utup, 3-nji finalynda ilkinji çempionlygyny baýram etdi. 1-nji duşuşykda şweýsariýaly Belinda Bençiç polşaly Iga Şwentekden, 2-nji duşuşykda polşaly Hubert Hurkaç şweýsariýaly Stan Wawrinkadan üstün çykdy. 3-nji duşuşyk jübütleýin görnüşde bolup, polşaly Kataryna Kawa bilen Ýana Zielinski ikisi
Bu ýaryşda 2023-nji we 2025-nji ýyllarda ABŞ, 2024-nji ýylda Germaniýa çempionlyk gazanypdy. Polşanyň ýygyndysy 2024-nji we 2025-nji ýyllarda finalda ýeňlipdi.
PDF









