Uçýan taksiler garaşylandan ir peýda bolar

100

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň iri şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Du­baý­da uç­ýan tak­si­le­riň ýo­la go­ýul­ma­gy üçin ta­gal­la edil­ýär. Şä­her­de hä­zi­re çen­li “Boeing” we “Ver­tical Ae­ros­pace” ýa­ly glo­bal kom­pa­ni­ýa­lar dür­li sy­nag­la­ry ge­çir­di­ler. Şä­her­de ýol dyk­ny­şy­gy­ny azalt­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan uç­ýan tak­si­ler üçin inf­rast­ruk­tu­ra hem dö­re­dil­ýär. Şeý­le tak­si­le­riň uçuş-go­nuş meý­dan­ça­la­ry­ny gur­ýan “Sky­ports” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Du­ba­ýyň dün­ýä­de do­ly ösen uç­ýan tak­si to­ru­na eýe bo­lan il­kin­ji ýer bol­ma­gy­ny is­le­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Ýol­baş­çy bu ugur­da­ky iş­le­ri çalt­lan­dy­ryp, gys­ga wagt­da has köp go­nuş meý­dan­ça­sy­nyň gu­rul­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Du­baý­da 2026-njy ýy­la çen­li do­ly iş­le­ýän giň uç­ýan tak­si to­ru­nyň gur­lup gu­ta­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. “Sky­ports” şu ýy­lyň few­ra­lyn­da wer­ti­port­la­ry (dik­li­gi­ne uçup hem go­nup bil­ýän tak­si­ler üçin meý­dan­ça) gu­rul­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Kom­pa­ni­ýa je­mi dört ýer­de Du­ba­ýyň hal­ka­ra ae­ro­por­tyn­da, Palm Ju­mei­rah ada­syn­da, şä­her mer­ke­zin­de we ýah­ta por­tun­da dört sa­ny meý­dan­ça gu­rar. Şä­he­riň köp adam­ly esa­sy no­kat­la­ry bo­lan bu ýer­ler ýo­ka­ry tiz­lik­li daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz gat­na­wy ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Uç­ýan aw­tou­lag se­na­ga­ty­nyň pul do­la­ny­şy­gy­nyň 2035-nji ýy­la çen­li 150 mil­liard dol­lar bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Seý­ran Şa­my­ra­dow, Türkmenistanyň Döwlet energetika ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.