Hytaýly inženerler ýelden energiýa öndürýän täsin desgany synagdan geçirdiler. «S2000 Stratosphere Airborne Wind Energy System» (SAWES) atly äpet halka şekilli desganyň içinde has kiçi birnäçe ýel turbinalary bar. Geliý gazy bilen çişirilen turbina ýerden 2000 metr belentlige çykarylyp, işledildi. Syçuan welaýatynyň Ibin şäherinde geçirilen synagda öndürilen elektrik energiýasy elektrik liniýasyna goýberildi. Synag 30 minut dowam edip, 385 kilowat/sagat töweregi elektrik energiýasyny öndürdi. Işläp düzüjiler bir SAWES-iň 3 megawat energiýa öndürmäge niýetlenendigini mälim etdiler. Bu täsin desga adaty ýel turbinalaryndan belende çykarylýandygy sebäpli howa akymyndan has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Enjamyň uzynlygy 60 metre, beýikligi we ini 40 metre barabar.
SAWES bilen gyssagly ýagdaýlarda ilatly nokady ýa-da başga bir desgany gysga wagtda elektrik energiýasy bilen üpjün edip bolýar. Synagdan geçirilen SAWES-iň içinde 12 sany ýel turbinasy bar.
Muhammetsadyk Şirliýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









