27-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň “UK Export Finance” (UKEF) kompaniýasynyň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Şebnem Alpyň ýolbaşçylygyndaky UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda infrastruktura we eksporta gönükdirilen taslamalar bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlylygy beýan etdiler we durnukly ykdysady ösüşe gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.