Niderlandlaryň hökümeti ulag pudagyna degişli taslamalar üçin 7,5 milliard ýewro bölüp berdi. Pul serişdesiniň köp bölegi jemgyýetçilik ulaglaryna degişli taslamalary durmuşa geçirmek üçin sarp ediler. 2030-njy ýyla çenli özleşdiriljek taslamalaryň arasynda Amsterdamyň demirgazyk-günortasyndaky metro ýolunyň Şiphol howa menziline çenli ýetirilmegi hem bar. Pul serişdesiniň 4 milliard ýewrolyk bölegi jemgyýetçilik ulagyna degişli taslamalara, 2,7 milliard ýewrolyk bölegi ýollaryň ýagdaýyny gowulandyrmaga, 780 million ýewrolyk bölegi welosiped ýollaryny gurmaga sarp ediler. Şeýle hem
400 müň täze öýüň gurulmagy meýilleşdirilýär.
Rahat NURBERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









