Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistan gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda gymmatly tejribeleri toplady. Ýurdumyzyň ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy bilen baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Munuň özi Türkmenistanyň halkara ähmiýetli iri ulag ýollarynyň çatrygy hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.
Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda raýat awiasiýa pudagyna hem möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze howa menzillerini gurmak we ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde gysga döwrüň içinde Türkmenbaşy hem-de Türkmenabat şäherlerinde, Aşgabatda ýokary derejede enjamlaşdyrylan, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän Halkara howa menzilleri işe girizildi. Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň ulanmaga berlendigine köp wagtyň geçmändigine garamazdan, Balkan welaýatynda ýene-de bir döwrebap howa menziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Munuň özi ýurdumyzda ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işleriň netijeli häsiýete eýedigini alamatlandyrýar.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menzilinde alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Saparyň çäklerinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy. Üstünlikli geçen synag gonuşy bu menziliň uçuş-gonuş zolaklarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
Şeýlelikde, Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziliniň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň ulag ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün eder.
Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.