Mundan öň soňky sapar 1998-nji ýylda Dünýä Kubogyna gatnaşan Awstriýanyň milli ýygyndysynyň hem gutarnykly düzümi belli boldy. Germaniýaly ussat tälimçi Ralf Rangnik tejribeli futbolçy bilen ýaş oýunçylary bir topara jemledi. Ol Awstriýanyň “Bundesligasyndan” diňe 3 futbolçy çagyryp, düzüme alan oýunçylarynyň köpüsi Germaniýanyň “Bundesligasynda” çykyş edýär. Tälimçi düzüme Maksimillian Wöber, Andreas Weimann ýaly ozal milli toparda ençeme duşuşyk geçiren futbolçylary çagyrmady.
Awstriýanyň ýygyndysy “J” toparçada çempion Argentinanyň, şol sanda Alžiriň hem-de debýutant Iordaniýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER Aleksander Şlager (RB Salsburg) Patrik Pents (Brondbýu) Florian Wiegel (Wiktoriýa Plzen) GORAGÇYLAR Stefan Poş (Maýns) Filipp Mwene (Maýns) Filipp Lienhart (Fraýburg) Aleksander Prass (Hoffenhaým) Marko Fridl (Werder) Mihael Swoboda (Wenesiýa) Dawid Affengruber (Elçe) Dawid Alaba (Real Madrid) Kewin Danso (Tottenham) ÝARYMGORAGÇYLAR Alessandro Şöpf (Wolfsberger) Konrad Laimer (Bawariýa) Marsel Sabitser (Borussiýa D) Karni Çukwuemeka (Borussiýa D) Ksawer Şlager (Leipsig) Nikolas Zeiwald (Leipsig) Kristof Baumgartner (Leipsig) Patrik Wimmer (Wolfsburg) Romano Şmid (Werder) Florian Griliş (Braga) Paula Wannar (PSW) HÜJÜMÇILER Saşa Kalaýžiç (LASK) Marko Arnautowiç (Srwena Zwezda) Mihael Gregoritç (Augsburg)
PDF









