Dünýäde käbir jandarlar näçe ýyllar geçendigine garamazdan, şol bir durkunda saklanýar, ýagny olara wagt täsir etmeýär. Iň uzak ýaşaýan jandarlaryň sanawynda deňiz jandarlary we süýrenijiler öňdeligi eýeleýär. Eýsem, «Dünýä ömürlik gelen ýaly» diýilýän bu jandarlar haýsylarka?! Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!
«Turritopsis dohrnii». Ylmy dünýäde «ölmez meduza» ady bilen tanalýan deňiz jandarynyň bu görnüşi Ortaýer deňziniň ýyly suw akymlarynda ýaşaýar. Bu jandar garrap başlanda öýjüklerini ýaşlygyndaky ýaly täzeden dikeldýär. Başgaça aýdylanda, meduzanyň bu görnüşi garran wagty ýaşamaga täzeden başlaýar. Alymlar bu ýagdaýy transdiferensiýa (öýjükleriň öz-özüni gaýtadan dikeltmegi) diýip atlandyrdylar.
Galapagos pyşbagasy. Galapagos adalaryndaky äpet pyşbagalar 150 ýyldan ýokary ýaşy bilen tapawutlanýar. Pyşbagalaryň iň ýaşy ulusy şu ýyl 192 ýaşan Jonatan hasaplanýar. Keramatly Ýelena adasynda ýaşaýan bu pyşdyl gury ýer jandarlarynyň iň garrysy hasaplanýar. Pyşbagalaryň öýjüginiň täzelenmegi örän haýal bolsa-da, üznüksiz ösüşde bolýar.
Grenlandiýa akulasy. Arktikanyň çuň suwlarynda ýaşaýan Grenlandiýa akulasy iň uzak ýaşaýan oňurgaly jandar hasaplanýar. Akulanyň bu görnüşi 400 ýyla çenli ýaşap bilýär. Grenlandiýa akulasynyň bedeni haýal alyş-çalşyga we öýjükleriniň ösen dikeliş ulgamyna eýedir. Uzynlygy 7,5 metre çenli ýetýän äpet balyk ownuk balyklar we deňiz guşlary bilen iýmitlenýär. Sowuk suwda ýaşaýan Grenlandiýa akulasy haýal ýüzýändigi bilen tapawutlanýar.
Tuatara. Gury ýerde ýaşaýan hažžygyň iň uzak ýaşaýany tuatara hasaplanýar. 60 ýyldan 100 ýyla çenli ýaşaýan bu süýrenijiler örän haýal ösüşe eýe bolup, 15 ýaşda kämillige ýetýär.
111 ýaşyndaky Genri atly tuatara süýrenijileriň iň garrysy hasaplanýar. Bu süýreniji Täze Zelandiýanyň Kwins seýilgähinde adamlaryň gözegçiliginde idedilýär.
PDF









