He­ka­ýa, An­ton Çe­how, rus ýazyjysy

«Edebiýat – dost-doganlyk köprüsi» atly bäsleşigimizde birinji orna mynasyp bolan hekaýa

Üç aý mun­dan ozal ädik­çi Al­ýa­hi­ne şä­girt­li­ge ber­len on ýaş­ly­ja Wan­ýa Žu­kow Rož­dest­wo ag­şa­my ýat­ma­dy. Us­sa­lar we ho­ja­ýyn ag­şam­ky yba­da­ta gi­den­den soň, ol şka­fyň için­den sy­ýa­ly çüý­şä­ni, ujy pos­lap gi­den sy­ýa ga­la­my çy­kar­dy. Soň­ra ýy­gyrt bo­lup gi­den ka­gy­zy açyp ýaz­ma­ga baş­la­dy. Ha­ty­ny ýa­zyp baş­la­maz­dan öň, ol bir­ki ge­zek ga­pa hem-de pen­ji­rä gor­ku­ly na­za­ry­ny aý­la­dy. Gö­zü­niň gy­ta­gy bi­len ga­raň­ky­da ota­gyň di­war­la­ryn­da­ky kö­wüş ga­lyp­la­ry ýer­leş­di­ri­len tek­je­le­re-de se­ret­di. Onuň de­mi-de­mi­ne ýet­me­di. Ka­gy­zy­ny otur­gyç­da go­ýup, özi bol­sa dy­zy­na çö­küp otur­dy.
«Eziz atam, Kons­tan­tin Ma­ka­ryç!» di­ýip ýa­zyp baş­la­dy: «Bu ha­ty ýaz­mak bi­len Si­zi Rož­dest­wo­ňyz bi­len gut­la­ýa­ryn hem-de Taň­ry­dan iň go­wy zat­la­ry di­leg ed­ýä­rin. Me­niň eje­mem ýok, ka­ka­mam, di­ňe sen, ýal­ňyz özüň gal­dyň».
Wan­ýa tüm­lük­de na­za­ry­ny pen­ji­rä ta­rap aý­la­dy. Pen­ji­rä­niň aý­na­syn­dan onuň şe­mi­niň ýag­ty­sy gö­rün­ýär­di. Og­lan­jy­gyň göz öňün­de Ži­wa­row­la­ryň ga­ra­wu­ly bo­lup iş­le­ýän ata­sy jan­lan­dy. Ol aga­jet, hor­taň­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, örän gal­jaň, ýü­zi he­mi­şe gü­lüp du­ran, şa­dy­ýan göz­li, alt­myş bäş ýaş­la­ryn­da­ky gar­ta­şan adam­dy. Ol gün­diz aş­ha­na­da ýa­tar­dy. Ara­syn­da bol­sa şol ýer­dä­ki aş­pez gyz­lar bi­len deg­şip-gü­lşer­di. Ag­şam­la­ry­na giň pos­su­ny­ny eg­ni­ne atyp, eli jaň­ly ja­ýyň da­şyn­dan aý­la­nar­dy. Yzyn­da-da it­le­ri Wýun we gar­ry kö­pek Kaş­tan­ka kel­le­le­ri­ni sal­la­şyp tir­ke­şip gel­ýän­dir­ler. Ady­ny ga­ra reň­ki­ne gö­rä alan, ta­ga­şyk­syz uzyn Wýun ada­ty bol­ma­dyk ýu­waş hä­si­ýet­li­di. Şol hä­si­ýe­ti­niň aňyr­syn­da bol­sa it me­kir­li­gi ýa­tyr­dy. Hiç bir it onuň­ky ýa­ly ýe­ser buk­dak­lap ba­ryp aýa­gyň­dan diş­läp ýa-da bu­za dyr­ma­şyp, ýa bol­ma­sa, gow­ru­lan to­wu­gy­ňy ogur­lap bil­me­ýär­di. Bu et­miş­le­ri üçin ol bir­nä­çe ge­zek ga­çyp bar­ýar­ka yz­ky aýak­la­ry­na de­pi­lip­di, bir­ki ge­zek asy­lyp­dy, her hep­de­de bol­sa hök­man ýen­jil­ýär­di. Her ge­ze­gem it­jan­ly­ly­gy­ny edip aýak üs­tü­ne ga­lar­dy.
Ata­sy hä­zir yba­dat­ha­na­nyň ýag­ty saç­ýan ga­py­la­ry­na ga­rap, tans edäý­jek ýa­ly göw­nü­hoş hal­da oba adam­la­ry bi­len de­giş­ýän­dir. Jaň­ja­ga­zy-da bi­li­ne da­ňyl­gy­dyr. Ol el­le­ri­ni ke­le­men­le­dip, so­wuk­dan ýa­ňa ýyg­ry­lyp, özü­niň gar­ry gül­kü­si­ni edip, hyz­mat­kär ýa-da aş­pez ze­nan­lar bi­len bäl­çi­reş­ýän­dir.
Oba ho­wa­sy aja­ýyp­dy, asu­da we aras­sa­dy. Ag­şam ga­raň­ky­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, bü­tin oba, tur­ba­la­ryn­dan tüs­se çyk­ýan ak üçek­li öý­ler, gy­raw dü­şen kü­müş­söw agaç­lar, gar de­pe­le­ri aý­dyň gör­ner­di. Ýyl­dyz­lar­dan do­ly as­man, Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly ap-ak ga­ra ýu­w­lan ýa­ly, şeý­le­bir aý­dyň ýag­ty sa­çar­dy…
Wan­ýa ulu­dan de­mi­ni alyp, ga­la­my­ny sy­ýa ba­ty­ryp ýaz­ma­gy­ny do­wam et­di: «Düýn bol­sa ma­ňa er­bet ga­har­lan­dy­lar. Ho­ja­ýyn me­ni how­la kow­dy. Se­bä­bi ola­ryň ça­ga­jy­gy­ny sal­lan­çak­da üw­räp otyr­kam, ir­ki­lip ga­lyp­dy­ryn. On­dan bir hep­de öň ho­ja­ýy­nyň aýa­ly ma­ňa ba­lyk aras­sa­la­ma­gy bu­ýur­dy. Ba­ly­gy guý­ru­gyn­dan aras­sa­lap baş­la­nym üçin bol­sa, ba­ly­gyň kel­le­si bi­len ýü­zü­me ur­dy. Us­sa­lar üs­tüm­den gül­ýär­ler. Ho­ja­ýyn azar ba­ry­ny ber­ýär. Hiç na­har ber­me­ýär­ler. Ir­den çö­rek, öý­län şü­le, ag­şam ýe­ne çö­rek. Çaý ýa-da ke­lem­li­je çor­ba­ny bol­sa öz­le­ri iýip-iç­ýär­ler. Me­niň ýa­tak ýe­rim sa­man­ha­na, ola­ryň ça­ga­sy ag­lan­da ýat­man ony üw­re­ýä­rin. Eziz atam, Hu­da­ýyň ha­ky üçin me­ni öýü­mi­ze, oba alyp git, ys­gyn-my­da­rym gal­ma­dy… Söz ber­ýä­rin, bü­tin öm­rü­me Hu­daý­dan ady­ňa ýag­şy di­leg­le­r ede­rin, me­ni bu ýer­den alyp git, ýog­sam he­läk bo­la­ryn…».
Wan­ýa ag­zy­ny gy­şar­dyp, ça­la­ja ham­syk­dy, eli bi­len gö­zü­ni sü­pür­di-de, ýaz­ma­gy­ny do­wam et­di. «Men se­niň köw­şü­ňi sü­pü­re­rin. Ýag­şy di­leg­ler ede­rin, eger bir zat bol­sa tem­mi ber­seň hem çy­da­ryn. Peý­dam deg­mez di­ýip, pi­kir ed­ýän bol­saň, Isa­nyň ha­ky üçin men emel­da­ryň ädi­gi­ni aras­sa­la­ryn, ýa bol­ma­sa, Fed­ýa­jy­gyň ýe­ri­ne ço­luk bo­lup meý­da­na gi­de­rin. Atam jan, ga­ra gün­de gal­dym. Oba ga­çyp bar­jak­dym, em­ma ädi­gim ýok, aýaz­dan gork­dum. Ýa­ny­ňa ala­nyň üçin ula­lam­soň se­ni ile mä­täç et­me­rin, eger ama­na­dy­ňy tab­şyr­saň, ejem Pe­la­ge­ýa di­leý­şim ýa­ly, ja­ýyň jen­net bol­ma­gy­ny di­leg ede­rin.
Mosk­wa uly şä­her. Ka­şaň-ka­şaň jaý­ly, kö­çe­le­ri-de at­lar­dan do­ly, ýö­ne go­ýun­la­ry ýok, it­le­rem ýa­rak däl. Bu ýer­de og­lan­lar ýyl­dyz­jyk­ly gez­me­ýär­lar, hat­da yba­dat­ha­na ho­ru­na hem hiç kim goý­be­ril­me­ýär. Bir ge­zek bir dü­ka­nyň pen­ji­re­sin­den se­re­de­nim­de, tek­je­le­rin­de ýüp­le­ri bi­len bi­le sa­tyl­ýan dür­li çeň­ňek­le­ri gör­düm. Ola­ryň hat­da bir put­luk lak­ga ba­ly­gy­ tu­tup bil­jek­le­ri-de bar eken. Et dü­kan­la­ryn­da to­kaý to­wu­gy, tok­lu­taý we tow­şan ýa­ly aw et­le­ri sa­tyl­ýar. Em­ma sa­ty­jy­lar ola­ryň ni­re­de aw­lan­ýan­dy­gy­ny aýt­ma­ýar­lar.
Eziz atam, ha­çan ho­ja­ýyn­la­ryň ar­ça­sy be­ze­len­de, on­dan ma­ňa al­tyn reňk­li hoz alyp ber-de, ýa­şyl ga­pyr­jak­da giz­le. «Ol­ga Ig­nat­ýew­na, bu Wan­ýa­jyk üçin» di­ýip aýt».
Wan­ýa tit­räp de­mi­ni al­dy-da, ýe­ne pen­ji­rä ga­ra­dy. Ata­sy­nyň ho­ja­ýyn­la­ryň ar­ça­sy üçin özü­ni he­mi­şe ýa­ny bi­len to­ka­ýa alyp gid­ýä­ni ýa­dy­na düş­di. Gör, nä­hi­li şa­dy­ýan gün­ler­di! Ata­sy ýö­rän­de aýa­gy­nyň aşa­gyn­da gar gart-gart edip ses eder­di, mu­ňa Wan­ýa hem go­şu­lar­dy. Kä­wagt­lar ata­sy ar­ça­ny çap­maz­dan öň ma­za­ly­ja üşän Wan­ýa­jy­gyň üs­tün­den gü­ler­di… Ga­ra bü­re­len kü­müş­söw ýaş ar­ça­la­ram mis­li «Haý­sy­my­zy ça­par­ka­lar» di­ýip gy­myl­da­man du­ran­dyr­lar. Şol wag­tyň özün­de bir ýer­ler­den aty­lyp, tow­şan çy­kar… Ata­sy du­rup bil­män gy­gy­rar:
– Tut, tut, tut ony! Içi­gar gal­myş diý­se!
Ça­py­lan ar­ça ho­ja­ýy­nyň öýü­ne el­ti­lip, şol ýer­de se­ren­jam ber­ler­di. Wan­ýa­nyň iň eý gör­ýän yn­sa­ny Ol­ga Ig­nat­ýew­na hem­me­ler­den köp iş­lär­di. Bir wagt­lar Wan­ýa­nyň eje­si Pe­la­ge­ýa di­ri wag­ty ho­ja­ýyn­la­ryň öýün­de hyz­mat­kär bo­lup iş­lär­di. Ol­ga Ig­nat­ýew­na Wan­ýa na­bat alyp be­rer­di, boş wagt­la­ry oňa oka­ma­gy, ýaz­ma­gy, ýü­ze çen­li sa­na­ma­gy, hat­da kad­ril tan­sy­ny hem öw­ret­di. Eje­si Pe­la­ge­ýa aý­ry­lan­da, ýe­tim ga­lan Wan­ýa aş­ha­na – ata­sy­nyň, soň­ra bol­sa gö­ni ädik­çi Al­ýa­hi­niň ýa­ny­na, Mosk­wa ug­ra­dyl­dy…
«Jan atam, ha­ýyş ed­ýä­rin, gel!» di­ýip, Wan­ýa do­wam et­di: «Hu­da­ýyň ha­ky üçin ýal­bar­ýa­ryn, me­ni bu ýer­den alyp git. Ýe­tim ha­ly­ma haý­pyň gel­sin, ýog­sam me­ni hem­me­ler ur­ýar. Öler ýa­ly gar­ba­na­sym gel­ýär, ýü­re­gi­mem şeý­le bir gys­ýar we­lin, di­ňe ag­lap gez­ýä­rin. Ara­da ho­ja­ýyn kel­lä­me kö­wüş ga­ly­by bi­len şeý­le ­bir ur­dy we­lin, ýy­ky­lyp, zor­dan özü­me gel­dim. Gül öm­rüm kül bol­dy, ha­ly­ma itiň gö­zi agar­jak… Al­ýo­na, gy­şyk Ýe­gor­ka we paý­tun­ça gyz­gyn sa­la­my­my ýe­tir. Se­niň ag­ty­gyň Iwan Žu­kow, jan atam, me­ni bu ýer­den alyp git!».
Wan­ýa hat ýa­zan ka­gy­zy­ny dört ep­läp, düýn­jik bir kö­pü­ge sa­tyn alan buk­ja­sy­na sal­dy… Bi­raz pi­kir­le­nen­den soň ga­la­my­ny sy­ýa ba­ty­ryp sal­gy­sy­ny ýaz­dy:
«Oba – ata­ma».
Soň­ra kel­le­si­ni ga­şap ýe­ne oý­lan­dy-da, «Kons­tan­tin Ma­ka­ry­ça» di­ýip, yzy­na goş­dy. Hat ýaz­ma­ga päs­gel ber­me­dik­le­ri üçin örän şat bo­lan Wan­ýa pos­su­ny­ny hem geý­män, di­ňe ýy­ly baş­ga­by­ny atyp da­şa­ry yl­gap çyk­dy…
Düýn et dü­ka­ny­nyň sa­ty­jy­la­ryn­dan so­ran­da, olar hat­la­ryň poç­ta gu­tu­la­ry­na atyl­ýan­dy­gy­ny, şol ýer­den bol­sa jaň­ja­gaz­ly poç­ta paý­tun­la­ryn­da bü­tin Ýer ýü­zü­ne ýaý­ra­dyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy­lar. Wan­ýa iň ýa­kyn­da­ky poç­ta gu­tu­sy­na çen­li yl­gap ba­ryp, gym­mat­ly ha­ty onuň gö­zün­den ok­lap goý­ber­di…
Bir sa­gat­dan soň süý­ji umyt­la­ry­na çü­men Wan­ýa uka ba­typ­dy… Ol düý­şün­de peç­ja­ga­zy gör­di. Onuň üs­tün­de ata­sy aýa­gy­ny sal­lap, aş­pez aýal­la­ra ha­ty okap ber­ýär­di. Pe­jiň ýa­nyn­da Wýun guý­ru­gy­ny bu­laý­lap, ga­ry­sy­ny ýas­sa­nyp ýa­tyr­dy…

Rus di­lin­den ter­ji­me eden Toý­ly Ba­ba­ýew,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.