7-nji maýda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Dabaranyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna degişli gymmatlyklar, esger hatlarynyň nusgalary, şol döwre degişli dürli serişdeler görkezilýär. Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda görkezen edermenligine, merdana pederlerimiziň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Dabara «Mert ogullar» atly aýdym hem-de Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly teatrlaşdyrylan edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Olarda Watan gahrymanlarynyň edermenligi, halkymyzyň olara goýýan belent sarpasy çeper wasp edildi. Çykyş edenler türkmen ýigitleriniň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny aýratyn nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Adamzada parahatçylyk, asudalyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary peşgeş beren weteranlarymyza ýurdumyzda uly hormat goýulýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, dabara gatnaşyjylar pederlerimiziň sarpalanmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabaranyň dowamynda uruş weteranlaryna hem söz berildi. Olar öz çykyşlarynda şol agyr ýyllaryň ýatlamalaryny paýlaşdylar hem-de döwletimiz tarapyndan özleri hakynda edilýän yzygiderli alada üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.
Dabara gatnaşyjylar 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny, edermenligini we gazanylan Beýik Ýeňşiň taryhy ähmiýetini uly joşgun bilen wasp etdiler. Ýaňlanan aýdymlar dabara gatnaşyjylaryň kalbynda şöhratly pederlerimize bolan çäksiz buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy. Şeýle hem sungat ussatlary ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, jemgyýetimiziň agzybirligini wasp edýän joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Soňra dabaraly ýagdaýda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Umuman, bu çäre Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenliginiň hormatlanylyp, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerine, ýurdumyzda düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.