6-njy maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent
Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Ser­dar Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da şu ýy­lyň dört aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne se­re­dil­di. Şeý­le hem Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de howp­suz­ly­gy, asu­da­ly­gy üp­jün et­mä­ge, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mä­ge, işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça şu ýy­lyň ýan­war – ap­rel aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak, hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy. Ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän har­by gul­luk­çy­la­ry gul­luk­dan bo­şat­ma­gyň we har­by gul­lu­ga no­bat­da­ky ça­gy­ry­ly­şyň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 9-njy maý­da Ýe­ňiş gü­ni my­na­sy­bet­li göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­da ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, şol san­da ka­nun­çy­ly­gyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek, bu dü­zü­miň eda­ra­la­ry­na hu­kuk işi­niň döw­re­bap usul­la­ry­ny hem-de öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­myz­da ka­nu­ny­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, düz­gün bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça iş­le­ri has ne­ti­je­li alyp bar­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, bu ba­bat­da Baş pro­ku­ro­ra bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de şu ýy­lyň ýan­war – ap­rel aý­la­ryn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hu­su­san-da, ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­ny we ýan­gyn howp­suz­ly­gy­ny ber­jaý et­mek, hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni üp­jün et­me­giň, ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­nyň, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň düz­gün­le­ri­niň berk ber­jaý edil­me­gi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­giň, to­mus möw­sü­min­de ho­wa­nyň gyz­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, daş­ky gur­şa­wy ýan­gyn how­pun­dan go­ra­mak bo­ýun­ça de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di hem-de bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew şu ýy­lyň dört aýyn­da ka­zy­ýet işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem dü­zü­mi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi we döwlet Baştutanymyzyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ka­nu­ny­ly­gy has-da ber­kit­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­gi, ka­zy­la­ryň hü­när bi­li­mi­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gy üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri D.Me­re­dow ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, şol san­da ýur­du­myz­da asu­da­ly­gy üp­jün et­mek, dü­zü­miň işi­ne döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ba­bat­da gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny we mil­li bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak, mi­nistr­li­giň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li do­wam et­dir­mek ba­bat­da bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy I.Ila­ma­now döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des ser­het­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek, ser­het go­şun­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça şu ýy­lyň dört aýyn­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň döw­let ser­he­di­niň dost-do­gan­lyk ser­he­di bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy hem-de onuň go­rag­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ser­het­çi­le­riň hü­när taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now ha­sa­bat döw­rün­de mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­tir­mek, ra­ýat­la­ra de­giş­li hu­kuk kö­me­gi­ni ber­mek, mi­nistr­li­gi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­my­za, he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ra do­ly la­ýyk gel­me­gi­ni üp­jün et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di hem-de ra­ýat­la­ra ka­nun­çy­ly­gy dü­şün­dir­mek, hu­kuk kö­me­gi­ni ber­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­mek ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew şu ýy­lyň ýan­war – ap­rel aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň çäk­le­rin­de güm­rük no­kat­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, san­ly ul­ga­my we işiň döw­re­bap usul­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­gyň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, güm­rük no­kat­la­ryn­da güm­rük düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­giň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy hem-de döw­re­bap teh­ni­ka­la­ry, iş usul­la­ry­ny yzy­gi­der­li or­naş­dyr­mak ba­bat­da gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­my­zyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny we çäk bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny ber­kit­mek, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de bu iş­le­riň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.