Ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olaryň yhlasly we öndürijilikli zähmeti netijesinde, Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagynda başyny başlan özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda önümçilik-okuw maslahatlary geçirilip, orak möwsümini guramaçylykly geçirmek, bugdaý orýan kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bugdaý meýdanlarynyň ýanynda dürli dabaralar guralyp, welaýatlaryň aýdym-saz, tans-folklor toparlary çykyş etdiler. Dabaralaryň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergilerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek we çörek önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi.
Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy pudagyň işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde galla oragy möwsüminde “John Deere”, “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanyldy. Ýokary öndürijilikli tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, olar ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berdi.
Galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara hyzmat edip, olar ýangyç we çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edildi. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredildi. Ýygnalan täze hasyl zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşaldy. Munuň özi gallaçy kärendeçileriň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklerine ýardam berdi.
Şeýlelikde, gallaçy babadaýhanlarymyzyň gazanan zähmet ýeňşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.