Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” ahyry “Arsenal” çempionlyk gazandy. 37-nji tapgyrda sanawyň lideri “Arsenal” öz meýdançasynda “Börnlini” Kai Hawertsiň ýeke-täk goly bilen ýeňip, 2-nji ýerdäki “Mançester Sitiniň” utuk ýitirmegine garaşyp başlady. “Mançester Siti” bolsa myhmançylykda 16 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Bornmut” bilen duşuşdy. Oýun çekeleşikli geçip, “Bornmut” 38-nji minutda Eli Junior Krupiniň goly esasynda öňe saýlandy. “Mançester Siti” 90+4-nji minutda Erling Holannyň goly bilen hasaby deňlese-de, bu “Arsenalyň” çempionlygyna päsgel bermek üçin ýeterlik bolmady.

Şunlukda, möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda, Mikel Artetanyň şägirtleri 2-nji ýerdäki “Mançester Sitiden” 4 utuk öňe saýlanyp, 22 ýyldan soň taryhy çempionlyk gazandy. Soňky gezek 2003/04 möwsüminde “Premier Ligany” iň ýokarky orunda tamamlan “Arsenal” 14-nji çempionlygyny baýram etdi. Topçular 1931-nji, 1933-nji, 1934-nji, 1935-nji, 1938-nji, 1948-nji, 1953-nji, 1971-nji, 1989-njy, 1991-nji, 1998-nji, 2002-nji hem-de 2004-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy.
“Arsenal” çempionlyk sany boýunça 20 ýeňşi bolan 2 topardan – “Mançester Ýunaýted” hem-de “Liwerpuldan” soň 3-nji orunda barýar.
Möwsümiň ahyrynda “Mançester Siti” bilen hoşlaşjak Pep Guardiola tälimçilik karýerasynda ilkinji gezek yzly-yzyna 2 möwsümi çempionl bolmazdan tamamlady.
PDF









