Hindistanda iň amatly elektroulagyň satuwy başlandy. “Yakuza Mini Electric Car”-nyň bahasy bary-ýogy 275 ýewro. Bu ykjam elektroulag şäherde ulanmak üçin niýetlenendir we eýýäm ýurduň daşynda hem gyzyklanma döretdi.
Bir gezekki zarýady bilen 120-150 kilometr aralyga gitmäge ukyply batareýa bilen enjamlaşdyrylan ulag 6-7 sagadyň dowamynda öý şertlerinde zarýad alýar. Önümçilik tutuşlygyna ýerli bolup, batareýalar, hereketlendirijiler we elektronika Hindistanda ýasalýar.