Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ýa­şaý­jy­sy En­to­ni Hoýt we­lo­si­ped spor­tu­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Ol öz we­lo­si­pe­di bi­len bir­nä­çe su­rat eser­le­ri­ni hem dö­red­ýär. Ol mu­ny GPS-trek ul­ga­my ar­ka­ly ama­la aşyr­ýar. We­lo­si­ped­çi Lon­don şä­he­ri­niň kö­çe­le­rinden we­lo­si­pedli geçip, ada­ty bol­ma­dyk su­rat ese­ri­ni dö­ret­di. Ol hem Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.
We­lo­si­ped­çi­niň Lon­don şä­he­rin­de ge­çen ýo­ly GPS ul­ga­my ar­ka­ly ha­sa­ba alyn­dy we şol ge­çi­len ýo­luň çyz­gy­sy ýü­ze çy­ka­ry­lan­da, sak­gal­ly er­kek ada­myň port­re­ti eme­le gel­di. Tür­gen bu su­ra­ty çek­mek üçin 107 ki­lo­metr men­zil aş­dy. Ol 12 sa­ga­dyň do­wa­myn­da iň uzak do­wam eden GPS su­ra­ty bi­len re­kord goý­dy.
Ol bu su­ra­ty eme­le ge­tir­mek üçin köp san­ly kyn­çy­lyk­la­ry baş­dan ge­çir­di. Lon­do­nyň kö­çe­le­ri­niň köp ýe­rin­dä­ki dyk­ny­şyk­lar, kö­çe­le­riň ýa­pyk bol­ýan wag­ty bi­len gö­reş­me­li bol­dy.
Bu tür­gen ozal hem gar ada­myň, pi­şi­giň we su­gu­nyň su­rat­la­ry­ny dö­re­dip­di.

Ga­ýyp AGA­JU­MA­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.