Wengriýada täze hökümetiň düzülmegine sebäp boljak parlament saýlawlary 12-nji aprelde geçiriler. Bu barada Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýok mälim etdi.
“Konstitusiýanyň we saýlaw kanunynyň düzgünlerine laýyklykda, men 2026-njy ýylda Wengriýanyň Döwlet ýygnagynyň (bir palataly parlamentiniň) deputatlarynyň saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul etdim. Ses berişlik 2026-njy ýylyň 12-nji aprelinde, ýekşenbe güni bolar. Erkin saýlaw hukugy demokratiýanyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Men hemmeleri bu hukukdan peýdalanmaga çygyrýaryn” diýlip, Prezidentiň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan beýanatda bellenilýär.
Häzirki wagtda Wengriýadaky saýlaw kampaniýasy özüniň jemleýji tapgyryna gadam basýar. Premýer-ministr Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy “FIDES – Wengriýa raýat bileleşigi” partiýasy we onuň hyzmatdaşy bolan hristian demokratlar “Tisa” partiýasyna garşy göreş alyp barýarlar. Bu partiýanyň lideri Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary tarapyndan goldanylýan hökümetiň öňki resmisi Peter Madýardyr. “Tisa” sosialistleriň we Demokratik koalisiýanyň saýlawçylaryny öz tarapyna çekmegi başardy, emma Madýar özüniň “ne çepçi, ne-de sagçydygyny” aýdyp, özüni sentrist hökmünde görkezýär.
2022-nji ýyldaky öňki saýlawlarda FIDES hristian demokratlar bilen bilelikde parlamentde 199 orundan 135-sini alypdy, bu bolsa Orbana premýerlik wezipesini ýene dört ýyllap saklamaga mümkinçilik berdi. Ol 2010-njy ýyldan bäri bu wezipäni eýeleýär, ondan öň bolsa 1998–2002-nji ýyllarda Premýer-ministr bolupdy. Umumylykda ol islendik beýleki ýewropaly syýasatçydan has uzak wagt bäri häkimiýet başyndadyr. 10-njy ýanwarda FIDES-iň gurultaýy ony öňümizdäki saýlawlarda ýene-de hökümet baştutanlygyna dalaşgär hökmünde saýlady.
Pikir soralyşyklara görä, häzirki wagtda FIDES “Tisadan” has meşhu, Orban bolsa Premýer-ministr wezipesine Madýardan has laýyk dalaşgär hasaplanýar. Emma syýasaty öwrenijiler saýlawlaryň netijeleriniň köp babatda partiýalaryň öz tarapdarlaryny näderejede işjeňleşdirip biljekdigine we aprelde ses bermäge gelmäge näderejede ynandyryp biljekdigine bagly boljakdygyny duýdurýarlar.