Formula 1 boýunça möwsümiň 23-nji ýaryşy Kataryň Lusail şäherinde geçirildi. 57 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “McLaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri ilkinji hatardan bat alsa-da, “Red Bull” toparynyň niderland piloty Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol ýaryşy 1 sagat 24 minut 38,241 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň şu möwsümdäki 7-nji, karýerasy boýunça-da 70-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy. Ýaryşda “McLaren” toparyndan Piastri 2-nji orny eýeläp, ol ýeňijiden 7,995 sekunt yza galdy. Münberiň üçünjilik basgançagyna bolsa “Williams” toparynyň ispan sürüjisi Karlos Saýns Junior çykdy. Sanawyň lideri “McLaren” toparynyň britan piloty Lando Norris bolsa 4-nji ýeri eýeledi. “Mercedes” toparynyň sürüjileri Kimi Antonelli bilen Jorj Rassell 5-6-njy orunlary paýlaşdylar.
Şunlukda, möwsümiň tamamlanmagyna 1 ýaryş galanda, çempionlyk ugrunda 3 sürüjiniň arasynda ýiti göreş dowam edýär. 408 utugy bolan Norris 1-nji ýerde barýar. Piastriden 4 utuk öňe saýlanan Werstappen 396 utuk bilen 2-nji ýeri eýeleýär. 3-nji orna düşen Piastriniň 392 utugy bar.
Ilkinji 3 orny eýelese, çempionlyk gazanar
Çempiony kesgitlejek möwsümiň 24-nji we iň soňky ýaryşy 7-nji dekabrda BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäherinde geçiriler. Bu ýaryşda Norris öňdäki 3 orny eýelän ýagdaýynda gürrüňsiz çempion bolýar. Ýa-da Norris Werstappeniň çempionlygy üçin, onuň ýeňiş gazanyp, Norrisiň 4-nji ýa-da ondan aşakdaky orunlarda tamamlamagy gerek. Piastriniň çempionlygy üçin bolsa Norrisiň 6-njy ýa-da ondan aşakdaky orunlary eýelemegi zerur. Piastri 2-nji bolup, Norris 10-njy, Werstappen 5-nji ýeri eýelese, şonda-da awstraliýaly sürüji çempionlyk gazanar.
PDF









