Hytaýda ýagyşdan gaçyp, lotereýa dükanyna giren zenan 140 müň dollar utdy. Ýagyşyň diňmegine garaşyp duran zenan öz bagtymy synap görmeli diýen karara geldi we satyjydan her biri, takmynan, 4 dollara urýan 30 petek satyn aldy. Onuň satyn alan altynjy petegi uly ýeňiş getirdi.

Ýeňiji, şunuň ýaly şowly pursat hakda hatda, arzuw hem etmändigini aýtdy. Geljek üçin meýilnamalary barada soralanda, ol işlemegini dowam etdirmekçidigini we utan pullaryny nirä sowmalydygy barada entek belli bir karara gelmändigini aýtdy diýip, “South China Morning Post” gazeti ýazýar.