Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň häzirkizaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen “Goşmaça we üznüksiz bilim” okuw merkezinde Mugallymçylyk, sanly ykdysadyýet, daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy, tebigy we takyk ugurlaryndan okadylyp, sapaklar ýokary derejede alnyp barylýar. Merkezde mugallymçylyk işi we pedagogik tehnologiýa hünär taýýarlygy okuwlary 18 hepde, sanly ykdysadyýet hünär taýýarlygy okuwlary 2 aý dowam edýär. Şeýle-de, bu ýerde diňleýjilere Ýaponiýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan we bilimini kämilleşdiren mugallymlar ýapon dilini öwredýärler. Sapaklar netijeli we gyzykly geçýär. Arakesme wagtlarynda hem okuw merkezinde bilim alýan ýaşlara okuwdan daşary gyzykly çäreler geçirilýär.
Ýapon dili okuwlary dürli derejeden ybarat bolup, ýapon diline düşünmegi, ýaponça geplemegi, 500-den 1500-e çenli iýeroglifleri ýatdan bilmegi we dürs ýazmak endigi öwredilýär.
20-22-nji maýda “Goşmaça we üznüksiz bilim” okuw merkezi tarapyndan Ýapon dili dersinden ilkinji gezek olimpiýada geçirildi. Olimpiýada ýurdumyzyň dürli künjeklerinden raýatlar, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we mekdep okuwçylary gatnaşdy. Ýapon diliniň 4-5-nji derejesinden geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Yhlas Bekjäyew birinji, Halkara ynsanperwer ylymlary we osuş uniwersitetiniň talyby Mežnun Açylow ikinji, 140-njy orta mekdebiň okuwçysy Mahym Çarymyradowa bolsa üçünji ýere mynasyp boldy.
Ýapon diliniň 3-nji derejesinden geçirlen bäsleşikde bolsa, 140 mekdebiň okuwçysy Tawus Azadowa birinji ýere, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Şöhle Şirowa ikinji ýere, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Tagan Taganow üçünji ýere mynasyp boldy.
Ýeňiji bolan ýaşlarymyz Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar we höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar. Olimpiýada dürli ýaşlardaky 200-den gowrak ýaşlar gatnaşdy. Olimpiýadanyň maksady ýaşlary ýapon dilini öwrenmäge höweslendirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de ýapon medeniýetine bolan gyzyklanmany artdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle olimpiýadalary her ýyl okuw merkezimizde geçirmek meýilleşdirilýär.
Dil öwrenmek diňe bilim däl, eýsem, dünýä ýüzüne giň dünýä garaýyş bilen seretmekdir, dürli medeniýetleri öwrenmek we adamzat arasynda köprüleri gurmakdyr.
Ýapon dili bolsa özüniň baý medeniýeti we ruhy gymmatlyklary bilen ýaşlarymyzyň dünýägaraýyşlaryny has-da giňeltmek üçin ajaýyp ýol bolup durýar.
Ýurdumyz bilen Ýaponiýanyň arasynda ynsanperwer ulgamy, şol sanda ylym-bilim ulgamynda, medeniýet hem sungat, sport we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegini düzýär. Türkmenistan Ýaponiýa ylym-tehnologik ulgamda hem möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, innowasion serişdeleri döretmekde, dürli ulgamlarda döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda we ornaşdyrmakda ýapon tejribesini almaga çalşylýar.
Tawus Myradowa,
Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.