Ýaponiýanyň Týofu şäherinde oýnalan futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygynda ýer eýeleriniň ýygyndysy Braziliýanyň milli toparyndan 3-2 hasabynda üstün çykdy. Duşuşygyň 1-nji ýarymynda myhmanlar 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ançelottiniň şägirtlerini öňe çykaran gollary 26-njy minutda Paulo Enrike bilen 32-nji minutda Gabriel Martinelli geçirdi. Ýöne ruhdan düşmedik Ýaponiýanyň ýygyndysy 20 minutyň dowamynda 3 gol geçirip, ýeňiş gazanmagy başardy. Olara ýeňiş getiren gollary 52-nji minutda Minamino, 62-nji minutda Nakamura hem-de 71-nji minutda Ueda öz atlaryna ýazdyrdylar. Şunlukda, Ýaponiýanyň ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Dünýäniň 5 gezek çempiony Braziliýany ýeňmegi başardy. Mundan öňki 13 oýunda Braziliýa 11 gezek ýeňip, 2 oýunda-da deňme-deň oýnapdy.
Şeýle-de, Günorta Koreýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Paragwaýyň ýygyndysyny Om Ži Sunuň (15) hem-de O Hýon Gýunuň (75) gollary bilen 2-0 hasabynda utdy.