Ýaponiýa baharyň buşlukçysy bolan sakura agaçlary gülläp başlady. Bu tebigy hadysa köpleriň ünsüni özüne çekýär. Şol sebäpli sakura baglary bahar aýlarynda köp adamly bolýar. Bu tebigy gözellige syn etmek üçin daşary ýurtly myhmanlar hem Ýaponiýa barýarlar.
Sakura agajynyň boýy 4-15 metre aralygynda bolup, tegelek we giň täç şekili emele getirýär. Onuň gülleri ak reňkden gülgüne reňke öwrülip, adatça baharyň ilkinji aýynda gül açýar. Sakura agajynyň miweleri kiçi we gaty bolup, iýmek üçin ýaramsyzdyr. Emma käbir haýwanlar we guşlar üçin ýokumly iýmit hasaplanýar. Onuň süýri şekilli ýapraklary güýz aýlarynda sary reňke öwrülýär. Bu agaç Koreýada we Hytaýda hem tebigy ýagdaýda duş gelýär. Bu agaç doly gülleýänçä 1 hepdeden gowrak wagt gerek bolýar. Onuň gülleýän möwsümi uzak wagt dowam etmeýär. Şol sebäpli agaçlaryň gül açan wagty olaryň töweregi köp adamly bolýar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.