Ýaponiýa syýahatçylyk pudagynda ösen ýurtlaryň biri hasaplanýar. Fuji dagy, Asahiýama haýwanat bagy, Sunaýama dynç alyş kenary, Osaka galasy ýurduň meşhur ýerleridir. Ýaponiýanyň iň gelim-gidimli ýerleriniň arasynda Kioto şäherindäki Araşiýama bambuk tokaýy hem bar. Her ýyl müňlerçe syýahatçy bambuk tokaýynda gezelenç etmek üçin Kioto şäherine barýar. Bu ýere başgaça Sagano bambuk tokaýy hem diýilýär.
Dünýäniň iň çalt ösýän agajy bolan bambuk tokaýlygynyň tutýan meýdany 16 inedördül kilometre barabar.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bambuk tokaýlygy Nonomiýa ybadathanasynyň golaýynda ýerleşýär. Uzyn we syrdam agajyň baldaklaryndan Gün şöhlesi süzülip geçip, tokaýda asuda hem-de täsin görnüşi emele getirýär. Ýurduň Daşky gurşaw ministrligi ýel öwsende bambuk tokaýlygyndan çykýan hoş owazy «Ýaponiýanyň 100 ses peýzažynyň» biri hökmünde kesgitleýär. Tokaýdaky ses adamy rahatlandyryp, şähdini açýar. Ýaşyl reňk göze ýakymly görnüp, gaýgy-aladalardan saplanmaga ýardam edýär. Bambuk tokaýyna günüň islendik wagtynda baryp bolýar. Ol ýerdäki Togesukýo köprüsi Araşiýamanyň nyşany hasaplanýar. Bu köpri Katsura derýasynyň üstünde gurlup, aňyrsynda Araşi dagy seleňläp görünýär.
Tokaýyň içinde iki sany pyýada ýoly bolup, olaryň birinjisine «Çikurin no Komiçi» (Bambuk ýoly) diýilýär. 400 metre barabar bolan gezelenç ýoly Tenrýu-ji ybadathanasynyň golaýyndan başlanýar. Bu ýol syýahatçylaryň iň köp surata düşýän ýeri hasaplanýar. Ikinji ýol «Çikurin no Sansakuro» (Bambuk tokaý ýoly) bolup, tokaýyň merkezinden geçýär. Basgançaklardan ybarat ýoluň ugrunda nika dabaralaryny geçirmek üçin gadymy Nonomiýa-jinja ybadathanasy ýerleşýär.
Bambuk agajy Ýaponiýada irki döwürlerden bäri tagam taýýarlananda, aşhana gurallary ýasalanda we gurluşyk işlerinde ulanylyp gelinýär. Alymlaryň bellemegine görä, Kiotadaky bambuk tokaýlygy VIII asyrdan bäri ösüp otyr. Tokaýa barýan syýahatçylara bambuk agaçlaryna oýup ýazgy ýazmak, ýapraklaryny goparmak gadagan edilýär. Bambuk tokaýynyň golaýynda 170-den gowrak maýmynyň (ýapon makakasy) ýaşaýan ýeri bolan Iwatayama maýmyn seýilgähi hem bar. Araşiýamada köp sanly sowgatlyk dükanlary, restoranlar, kafeler we köçe tagamlary taýýarlanylýan göçme dükanlar bar.
PDF









