Ýaponiýanyň Ýamanasi sebitiniň ýolbaşçylary ýurduň gözel ýerlerinden biri bolan Fudzi (Fuji hem diýilýär) dagyna çykmak üçin çäklendirme girizmek kararyna geldi. Bu kararyň syýahatçylaryň artykmaç akymyna garşy göreşiň bir bölegi hökmünde kabul edilendigi bellenilýär. Täze düzgüne laýyklykda, şu ýylyň 1-nji iýulyndan dagyň demirgazygyndaky meşhur ýodanyň – Ýosida ýoly bilen daga çykmak isleýän syýahatçylardan töleg alnar. Tölegiň mukdary fewral aýynda aýan ediler. Mundan başga-da, Fuji dagyna çykmaga rugsat berlenleriň sany çäklendiriler. Oňa çykýanlaryň sany 4000 adamdan köp bolmaz we wagt çäkleri kesgitlener: daga çykmak 16:00-dan 2:00-a çenli gadagan ediler. Täze tertip daga çykmak isleýänleriň sanynyň diýseň kändigi sebäpli girizilýär. Çünki dagda bolýan syýahatçylar yzlarynda zir-zibilleri galdyrýarlar. Mundan başga-da, jahankeşdeleriň kän wagtynda ýüze çykýan ýagdaýlaryň – tejribesiz myhmanlaryň şikeslenmeginiň öňüni almaga kömek eder. Ýaponiýanyň hökümetiniň berýän maglumatlary 2023-nji ýylda bu daga çykanlaryň sanynyň 221 müňden geçendigini tassyklaýar. Şolaryň 137 müňüsi Ýosida ýolundan geçipdirler. Ýamanasi prefekturasynyň häkimiýetleri tarapyndan giriziljek çäklendirmeler bu ýerde zibiliň artmagy hem-de tejribesiz jahankeşdeleriň şikes almagy bilen baglydyr. Töleglerden alynjak serişdeler ýodanyň ýakasynda ýanardag atylan halatynda gaçybatalga gurmak we jahankeşdelik ugruny goramak üçin sarp ediler.
Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy.
PDF









