Hytaý çip öndürýän startaplara maýa goýmak babatda beýleki ýurtlardan ep-esli öňde barýar. “TrendForce” neşiri tarapyndan çap edilen Koreýanyň Elektronika we telekommunikasiýalar ylmy-barlag institutynyň (ETRI) barlaglaryna görä, 2015-nji we 2025-nji ýyllar aralygynda Hytaý ýarymgeçirijileri işläp düzmek we öndürmek ugrundaky startaplary maliýeleşdirmek üçin 30,25 milliard dollar sarp etdi. Bu görkeziji agzalan ugur boýunça dünýäde goýlan umumy maliýe serişdesiniň (57,19 milliard dollar) 52,9 göterimine deňdir.
Şol bir wagtyň özünde dünýäde ýarymgeçirijiler ulgamynda jemi 1342 sany startap döredildi we olaryň iň köpüsi Hytaýda hasaba alyndy (640 kompaniýa ýa-da umumy sanyň 47,7 göterimi). Ikinji orunda 248 startap (18,5%) bilen ABŞ, üçünji orunda bolsa 54 startap (4%) bilen Koreýa Respublikasy durýar.
ETRI-niň barlagynda bellenilişi ýaly, Hytaýda bu döwürde 1130 sany maýa goýum tapgyry (raund) amala aşyryldy. Bu bolsa dünýä möçberiniň 38,2 göterimidir. Şunda ýarymgeçiriji tehnologiýalar ulgamynda bir startapa düşýän ortaça maýa goýumyň mukdary boýunça hem iň ýokary görkeziji – 671 million dollar hasaba alyndy.
ABŞ 687 maýa goýum tapgyry (23,2%) bilen ikinji orny eýeledi. Bu ýurtda startaplary ösdürmek üçin 11,39 milliard dollar sarp edildi, bu bolsa dünýädäki umumy maýa goýumlarynyň 19,9 göterimine deňdir. Koreýa Respublikasy 105 tapgyr (3,5%) we 1,01 milliard dollar (1,8%) umumy maýa goýum möçberi bilen üçünji setiri eýeledi.
“ETNews” neşiriniň bellemegine görä, Koreýa Respublikasy ýarymgeçiriji startaplaryny maliýeleşdirmekde öňdebaryjylardan yza galsa-da, “Rebellions” we “SemiFive” ýaly kompaniýalar emeli aň senagaty üçin ýarymgeçirijileri işläp düzmegi we öndürmegi özleşdirip, diňe ýat mikrosyzyklaryna gönükdirilen adaty milli ekoulgamyň çäklerinden çykmaga çalyşýarlar.
Esasy Ylym we Tehnologiýa Ýarymgeçiriji startaplara goýulýan maýa goýumlarynyň ýaryndan gowragy Hytaýyň paýyna düşýär
PDF









