Berkarar döwletimizde ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegini görkezmek bolar. Bu möhüm resminama ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy hem-de jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Mak­sat­na­ma­nyň äh­mi­ýe­ti di­ňe bir ýaş­la­ra dö­re­dil­ýän şert­ler bi­len çäk­len­me­ýär. Ol ýaş nes­liň kal­byn­da Wa­ta­na bo­lan söý­gi­ni, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za hor­ma­ty, zäh­me­te yh­la­sy we jem­gy­ýe­tiň öňün­dä­ki jo­gap­kär­çi­lik duý­gu­sy­ny ber­kit­mek­de hem mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Se­bä­bi Wa­ta­nyň gel­je­gi çuň­ňur bi­lim­li, be­lent ah­lak­ly, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, mak­sa­da ok­gun­ly ne­sil­le­riň elin­de­dir. Hä­zir­ki wagtda dün­ýä ylym-bi­li­miň, in­no­wa­si­ýa­la­ryň we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň çalt ös­ýän döw­rü­ni baş­dan ge­çir­ýär. Şeý­le şert­ler­de ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim­le­ri ele al­ma­gy, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­me­gi, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ma­gy, yl­my göz­leg­le­re we dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ma­gy aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Ýaş­la­ryň ga­zan­ýan her bir üs­tün­li­gi di­ňe bir ola­ryň şah­sy ýeň­şi bol­man, eý­sem, Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne go­şul­ýan my­na­syp go­şant­dyr.
Ýaş­lyk – müm­kin­çi­lik­le­riň, bi­lim bol­sa üs­tün­lik­le­riň aça­ry­dyr. Şol aça­ry ýer­lik­li ulan­mak, dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak her bir ýaş yn­sa­nyň özü­ne bag­ly­dyr. Yh­las­ly oka­mak, saý­lap alan hü­nä­ri­ňi kä­mil ele al­mak, ha­lal zäh­met çek­mek we il-ýurt bäh­bi­di­ne hyz­mat et­mek ýaş nes­liň öňün­de du­ran mu­kad­des borç­lar­dyr.
2031-nji ýy­la çen­li ni­ýet­le­nen Döw­let mak­sat­na­ma­sy ýaş­la­ryň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da eýe­le­ýän or­nu­ny has-da ber­kit­mä­ge, ola­ryň baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ma­ga, ukyp­ly we ba­şar­jaň ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len uzak möh­let­li we­zi­pe­le­riň mö­hüm bin­ýa­dy­dyr. Onuň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi Wa­ta­ny­my­zyň gel­jek­ki ösüş­le­ri­ne tä­ze iter­gi be­rer.
Ýaş nes­le bil­di­ril­ýän be­lent ynam ola­ryň öňün­de uly jo­gap­kär­çi­li­gi hem goý­ýar. Bu yna­my öde­me­giň iň yg­ty­bar­ly ýo­ly bol­sa ylym-bi­lim­de, zäh­met­de, dö­re­di­ji­lik­de we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da tä­ze üs­tün­lik­le­re ýet­mek­den yba­rat­dyr.

Güljemal GURBANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.