Dün­ýä­de soň­ky ýyllar­da «ýa­şyl» ener­gi­ýa pu­da­gy­na uly ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ril­ýär. Is­pa­ni­ýa umu­my uzyn­ly­gy 2 müň 600 ki­lo­met­re ýet­ýän wo­do­rod ýan­gyç ge­çi­ri­ji­si tas­la­ma­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. Tas­la­ma Ýew­ro­pa­nyň iň uly wo­do­rod inf­rast­ruk­tu­ra­sy bo­lup, ýur­duň «ýa­şyl» ener­gi­ýa ge­çi­şi­ni çalt­lan­dy­rar. Ener­gi­ýa des­ga­sy «Enagás» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ry­lyp, ýur­duň 13 se­bi­tin­den ge­çer. Ge­çi­ri­ji­niň uly bö­le­gi bar bo­lan gaz ge­çi­ri­ji­niň wo­do­rod ak­dyr­ma­ga ukyp­ly ýag­da­ýa ge­ti­ril­me­gi bi­len dö­re­di­ler. Bu ýag­daý onuň ba­ha­sy­ny ar­zan­lat­ma­ga we daş­ky gur­şa­wa ýe­tir­ýän zy­ýa­ny­ny azalt­ma­ga ýar­dam eder.
2028-nji ýyl­da gur­lu­şy­gy­na baş­lan­jak des­ga 2030-njy ýy­la çen­li ulan­ma­ga ber­ler. Ge­çi­ri­ji Por­tu­ga­li­ýa bi­len Fran­si­ýa­ny öz içi­ne al­ýan «H2Med» ge­çi­ri­ji­si­ne bi­rik­di­ri­ler.

Mah­mut AL­LA­NA­ZA­ROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.