Eziz Diýarymyzda döwrebap lukmançylyk edaralaryny, saglygy goraýyş merkezlerini gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Adam saglygy babatdaky aladany döwlet syýasatynda ilkinji nobatda goýýan Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamyna ylmy taýdan çemeleşmeleriň giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli saglygy goraýyş ulgamy halkara derejä çykarylyp, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, ylmy-lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň binýady pugtalandyrylyp, saglygy goraýyş edaralarynyň, bejeriş we anyklaýyş merkezleriniň, şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Ilatyň saglygyny goramakda we saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasy gollanma we ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Maksatnamanyň esasy maksady ilatyň saglygyny goramakdan, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakdan we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmekden, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkara ölçeglere laýyk getirmek babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirildi. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda uly we täze sepgitlere ýetildi.
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi.
Türkmen wekilleri, BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysy doktor Hans Klýüge, BSGG-niň bölüm ýolbaşçylary, şeýle hem sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda BSGG-ä agza bolan dürli döwletleriň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenler düzümi gatnaşdy.
Çäräniň meýilnamasynyň çäklerinde ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, derman serişdelerine gözegçilik etmek we olary hasaba almak işleri, keselleriň öňüni alyş sanjymlar bilen ilaty doly gurşap almakda we ilatyň saglygy ugrunda sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler hem-de ýetilen sepgitler ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem bu çäräniň dowamynda ýurdumyzyň Saglygy goraýşynda we derman senagatynda 30 ýylyň dowamynda ýetilen üstünliklere we sepgitlere bagyşlanyp surat sergisi guraldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan her bir özgertmäniň, başlangyjyň, kabul edilýän çözgüdiň özeninde halk hakynda alada bar. Ýurdumyzda adamy döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hökmünde yglan eden Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize uzak ömür, döwletli işlerinde üstünlik arzuw edýäris!
Gunça KAKAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.